Gümrük düzgünleri baradaky ilkinji türkmen ykjam goşundysy işe girizildi

  • 22.02.2025 22:55
  • 7.7k+

Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy gümrük düzgünleri baradaky ilkinji ykjam goşundysyny işe girizdi. Taslama Ýewropa Bileleşigiñ hemaýaty bilen Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA-10) bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy. Bu barada "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

19-njy fewralda Aşgabatda ykjam goşundynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Goşundy ulanyjylara fiziki we ýuridiki şahslar üçin gümrük amallary barada döwrebap maglumatlary, kadalaşdyryjy resminamalary, gadagan edilen harytlaryň sanawyny, gümrük araçylary bilen habarlaşmak üçin maglumatlary, şeýle hem nyrhnamalaryň onlaýn-hasaplaýjylaryny we ýolagçy beýannamalary onlaýn-tertipde doldurmak mümkinçiligini hödürleýär.
Işiñ dowamynda gümrük gullugynyň zerurlyklary göz öñünde tutuldy, önümiñ özi bolsa iOS we Android üçin uýgunlaşdyryldy. 2024-nji ýylyň fewral aýyndan başlap goşundyny 8 müň adam ýükläp aldy, olardan Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň müň ulanyjysy bu hyzmatdan işjeň peýdalanýar.
BOMKA maksatnamasynyň taslamasynyň utgaşdyryjysynyň orunbasary Wladimir Zagusowsyň aýtmagyna görä, goşundy gümrük amallaryny aňsatlaşdyrýar hem-de söwdanyň we syýahatçylygyň ösüşine ýardam bermek bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde gerekli maglumat elýeterliligini üpjün edýär.
Goşundy Google Play we App Store-da mugt elýeterlidir.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......