Google alymlar üçin emeli aň ulgamyny işe girizýär, ol ylmy çaklamalarda kömek eder

  • 22.02.2025 11:55
  • 1.4k+

Google amerikan kompaniýasy Gemini 2.0 modeliniň esasynda işlenip taýýarlanan täze emeli aň ulgamyny işe girizýär. Ol alymlara täze ylmy çaklamalary döretmekde kömek eder diýlip, kompaniýanyň relizinde habar berilýär.

“Şu gün Google täze çaklamalary we ylmy gözlegleriň meýilnamalaryny döretmekde alymlara kömek etmek üçin niýetlenen we Gemini 2.0 modeliniň binýadynda işlenip düzülen täze emeli aň ulgamyny – AI co-scientist-i işe girizýär” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

AI co-scientist ylmy prosesi imitirleýän birnäçe EA agentlerini ulanýar: biri pikir döretmäge, beýlekisi olary gözden geçirmäge, seljermäge we syn bermäge ýöriteleşýär. EA erkin elýeterli bolan ylmy makalalardan we ýörite maglumatlar bazalaryndan maglumat alyp bilýär. Soňra alnan maglumatlary seljerýär we düşündirişler hem çeşmelere salgylanmalar bilen teklipleriň sanawyny döredýär.
Google-yň täze guralynyň Stenford uniwersitetiniň, Londonyň Imperiýa kollejiniň hünärmenleri bilen geçirilen irki synaglary onuň geljegi uly ylmy çaklamalary döredip biljekdigini görkezdi.
Google täze AI co-scientist ulgamyny hünärmenlere maglumat ýygnamaga we öz zähmetini doly amala aşyrmaga kömek edýän özara gatnaşyk guraly hökmünde kesgitleýär. Şol bir wagtyň özünde, ol ylmy prosesi awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenen däldir.
Google öz gözleg ulgamy bilen Alphabet holding kompaniýasynyň düzümine girýär. Şeýle-de, bu holdingiň düzüminde Android we YouTube, Google Life Sciences, Calico, Sidewalk Labs, Nest, Google Ventures, Google Capital we Google X bar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....