Hemralar üçin Gün ýelkenleri magnit hadysalaryny 50% ir kesgitlemäge kömek eder

  • 22.02.2025 07:04
  • 2.1k+

Barlagçylar Ýerdäki GPS, elektrik torlary we awiasiýa ýaly tehnologiýalara zeper ýetirip biljek geomagnit hadysalary barada öňünden duýduryş bermek üçin Gün ýelkenli hemralary ulanmagy teklip edýärler diýip, Space.com habar berýär.

Bu hemralar magnit hadysalaryny döredýän Gün ýellerini häzirki bar bolan ulgamlardan 50% ir kesgitläp bilerler.
Milli umman we atmosfera barlaglary müdirliginiň (NOAA) we NASA-nyň barlag topary Gün fotonlarynyň basyşy bilen hereket edýän Gün ýelkenlerini ulanýan hemralary döretmegiň üstünde işleýär. Bu çözgüt çykdajylary ep-esli azaldar, sebäbi şeýle hemralar ýangyç talap etmeýär.
Alymlaryň esasy maksady hemralary Güne Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän häzirki  Lagranža L1 nokadyndanam has ýakyn ýerleşdirmekden ybarat.  
Zarýadly bölejiklerden ybarat Gün ýelleri elektron enjamlaryň işleýşine zeper ýetirip  biler. Irki duýduryş zyýanly netijeleri azaltmaga kömek eder.
Solar Cruiser taslamasynyň çäklerinde işlenip düzülen ýelkenler dört bölege bölner we umumy meýdany 1653 inedördül metr ýeri eýelär. 2026-njy ýylyň fewral aýynda hemrany işläp taýýarlamagy tamamlamak we 2029-njy ýylda bolsa uçurmak meýilleşdirilýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....