Skyworth DeepSeek emeli aň ulgamyna eýe bolan dünýäde ilkinji telewizory hödürledi

  • 21.02.2025 19:31
  • 3.2k+

Hojalyk enjamlaryny öndürýän Skyworth hytaý kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup DeepSeek emeli aňyny G7F Pro smart telewizoryna ornaşdyrdy. Ozal bu telewizor hatarynyň modelleri Coocoa AI atly neýroulgama eýe bolupdy, ýöne häzir DeepSeek-iň kömegi bilen akylly funksiýalaryň sany ep-esli artdy.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, G7F Pro modeli ozal hem ulanyjynyň isleglerini seljerip, kontent gözläp bilýärdi, ýöne indi ol fon aýdymyny döretmek, ses buýruklary esasynda şekil döretmek we hatda wideolaryň intellektual montažy ýaly generatiw mümkinçiliklere eýe boldy. Mundan başga-da, ýatlatma düzjek, maşgala gezelenjini meýilleşdirjek we daşary ýurt dillerini öwrenmäge kömek etjek ses kömekçisi bar.  
G7F Pro-nyň ýene bir aýratynlygy, telewizora gurnalan DeepSeek-R1 modeliniň sözleýiş nýuanslaryna düşünip bilmegidir, bu bolsa ýüzlerçe dialekti we dürli dil toparlary bolan Hytaý üçin aýratyn wajypdyr. Ýöne şeýle funksiýalaryň beýleki ýurtlarda işlejekdigi ýa-da ýokdugy hem-de olaryň işlemegi üçin hemişe internet birikmesiniň gerekdigi ýa-da ýokdugy häzirlikçe sorag bolup galýar.
Belläp geçsek, ýerli DeepSeek modelleri beýleki önümlerde ilkinji gezek ulanylmaýar. Mundan öň neýroulgam daşky görnüşi boýunça kiçiräk smartfony ýada salýan daşary ýurt dillerini terjime etmek üçin niýetlenen Youdao SpaceOne gajetine goşulypdy. Omoda we Jaecoo hytaý awtomobillerinde bolsa bu emeli aň salonda ses buýruklaryna jogap berýär.


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......