Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda III Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy

  • 20.02.2025 14:45
  • 4.1k+

Türkmenistanyň wise-premýeri H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-18-nji fewralda Tähran şäherinde geçirilen III Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Çäräniň dowamynda 6 sany mowzuklaýyn mejlisler geçirilip, olaryň barşynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag infrastrukturasy, energetika, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak babatynda we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň geljegi ýaly wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak ykdysady forumyň umumy mejlisiniň gün tertibine girizildi.
Türkmen tarapy öz çykyşynda bilelikdäki logistika merkezlerini we meýdançalaryny döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etmek bilen, Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hindi ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň, şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ugrunyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we Çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp düzmek boýunça başlangyçlaryna foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Forumyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň wekillerine sebitleýin ykdysady ösüşiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik beren birnäçe mowzuklaýyn çäreler guraldy.
Umumy mejlisiň jemleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary Üçünji Hazar ykdysady forumynyň Bilelikdäki beýanaty kabul etdiler.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen duşuşdy.


düýn 22:09
671

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
535

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 10:26
554

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......