Türkmenistanyň deputatlary Türki döwletleriň parlamentarileriniň forumyna gatnaşdy

  • 19.02.2025 15:24
  • 2.6k+

18-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Parlamentara Daşary işler komissiýalarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türki döwletleriň hyzmatdaşlygyny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem döwletara ylalaşyklaryň we türki dünýäsine degişli halkara resminamalaryň parlamentler tarapyndan ileri tutulmagy, beýleki halkara parlament meýdançalarynda hyzmatdaşlyk etmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. 
Türkmen tarapy öz gezeginde 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu duşuşygyň parlamentara dialogy berkitmekdäki ähmiýetini belledi. Türkmen wekiliýeti türki döwletleriň parlamentara hyzmatdaşlygyny mazmun taýdan baýlaşdyrmakda we kämilleşdirmekde parlamentleriň ugurdaş komitetleriniň, ýaş deputatlaryň we zenan parlamentarileriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......