Xiaomi öz smartfonlaryna DeepSeek neýroulgamyny goşar

  • 19.02.2025 15:05
  • 1.5k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň DeepSeek çat-botuny öz smartfonlaryna goşmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda öndüriji Xiao AI ses kömekçisiniň DeepSeek-R1 neýroulgam modeli bilen laýyklygyny barlaýar diýip, XiaomiTime portaly habar berýär.

Dil modeli ulanyjylara ses buýruklarynyň kömegi bilen EA funksiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýän HyperOS 2 operasion ulgamynyň dolandyrmagynda işleýän gurluşlarda synag edildi.
Funksiýanyň heniz doly işlenmändigine garamazdan, Xiaomi eýýäm DeepSeek-e esaslanýan Super Xiaoai kömekçisiniň smartfonlaryň we planşetleriň 25 modelinde elýeterli boljakdygyny habar berdi. Sanawa Xiaomi 15 we 15 Pro, Xiaomi 14 Ultra gurluşlary, Redmi K70 we K80 smartfonlary, eplenýän MIX Fold 4 we MIX Flip, şeýle-de Xiaomi Pad 7, 7 Pro we Pad 6S Pro 12.4 planşetleri girdi.
Başlangyç synag döwri tamamlansa-da, EA funksiýalary ulanyjylar üçin wagtlaýyn elýeterli däl. Sebäbi kompaniýa DeepSeek-iň hil we ygtybarlylyk ülňülerine laýyk gelýändigine göz ýetirmek isleýär.
Mundan öň DeepSeek-i öz gurluşlaryna goşmak meýilnamalary barada Huawei, Honor, Oppo, Vivo, Meizu, Lenovo we Nubia ýaly hytaý öndürijileri-de habar berdi.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......