Meta emeli aňa esaslanýan adam şekilli robotlary işläp taýýarlamak üçin topar döredýär

  • 18.02.2025 21:20
  • 3.1k+

Meta hojalyk işlerini ýerine ýetirmäge ukyply gumanoid robotlaryny işläp taýýarlamak üçin topar döredilýändigini habar berdi. Bu barada kompaniýanyň işgärlere iberen hatyndan belli boldy. Mundan öň Meta-nyň meýilnamalary barada Bloomberg agentligi habar beripdi.

Bu taslama General Motors-da Cruise sürüjisiz awtomobiller bölümçesiniň öňki baş müdiri Mark Uitten ýolbaşçylyk eder. Ol mundan öň Unity Software-de we Amazon.com-da ýolbaşçy wezipelerini eýeläpdi.
Kompaniýa bu taslama ep-esli maýa goýar. Topar 100 töweregi hünärmenden ybarat bolar.
Meta EA-da we maglumatlary işlemekde gazanyljak üstünlikleriň gumanoid robotlaryň ösüşini çaltlaşdyrjakdygyna ynanýar.
Ol EA infrastrukturasyna we robototehnika 65 mlrd dollar sarp etmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa robotlary işläp taýýarlamak üçin platforma döredip, bu ugurda öz Llama EA modellerini ulanmagy göz öňünde tutýar.
Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň belleýşi ýaly, gumanoid robotlar giňden elýeterli bolýança ýene birnäçe ýyl gerek bolar.


şu gün 10:21
2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:38
656

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......