Maýyplygy bolan ilkinji astronawt kosmos uçuşlaryna ygtyýarnama aldy

  • 18.02.2025 20:37
  • 4.9k+

Ýewropanyň Kosmos agentligi (ÝKA) britaniýaly Jon Makfolla uzak möhletli kosmos missiýalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýän şahadatnamany berdi. Ol resmi taýdan ygtyýarnama alan maýyplygy bolan ilkinji astronawt bolar. Çözgüt Halkara kosmos stansiýasynyň ähli hyzmatdaşlary tarapyndan tassyklandy.

Makfolluň uçuş senesi heniz kesgitlenmedi. Kosmosa iberilmezden ozal, onuň orbitada ulanjak protezi synagdan geçirilmeli. Gurluş HKS-iň bortunda ähli enjamlara bildirilýän howpsuzlyk we ygtybarlylyk ülňülerine laýyk gelmeli.
Jon Makfoll 19 ýaşynda motosikl heläkçiliginiň netijesinde sag aýagyny ýitirdi. Soňra ol paralimpiýa sportuna gatnaşyp, 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Oýunlarda çykyş etdi. 2022-nji ýylda ÝKA ony maýyplygy bolan ilkinji astronawt hökmünde saýlady.


şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 23:53
837

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 14:59
7.6k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......