Temperaturany sazlaýan «akylly» kurtka döredildi: ol ýyladýar we temperaturany sazlaýar

  • 17.02.2025 23:17
  • 8.6k+

Adaty elektrikli ýyladyjylar ýa-da ýorganlar hem sowuk howada adamlary belli bir derejede ýyladyp bilýär. Emma elektron tekstil diýlip atlandyrylýan bu tehnologiýalar, esasan-da immun taýdan gowşak adamlar üçin käbir howplary döredip bilýär. Eger-de elektrikli ýyladyjylar gözegçiliksiz ulanylsa, deriniň aşa gyzmagyna, gipertermiýa we hatda deriniň ýanmagyna getirip bilýär.

Hut şu meseläni aradan aýyrmak maksady bilen, alymlar düýbünden täze «akylly» kurtkany işläp düzdüler. Bu kämil tehnologiýaly eşik köp sanly aýratynlyklary özünde jemleýär. Ol daşky gurşawyň temperaturasyny ölçeýän duýujy enjamlar (sensorlar) bilen üpjün edilen. Şeýle-de kurtkanyň ýörite ýüplüklerden ýasalan ýyladyjy elementleri temperatura görä reňkini üýtgedip bilýär. Emma onuň iň esasy aýratynlygy – emeli aň (EA) esasynda işleýän akylly dolandyryş ulgamy bolup durýar. Sebäbi kurtka hut şu emeli aň ulgamy arkaly temperaturany dolandyryp, aşa gyzmagyň öňüni alýar. Bu oýlap tapyş barada jikme-jik maglumatlar we geçirilen synaglaryň netijeleri «ACS Applied Materials & Interfaces» ylmy žurnalynda çap edildi.
Elektron tekstil diýlen düşünjäniň täze däldigini bellemek gerek. Ganyň basyşyny ölçeýän ýa-da temperaturany sazlamak üçin mobil programmalara birigýän eşikler öňden hem bar. Emma bu eşiklerde-de aşa gyzmak bilen baglanyşykly töwekgelçilikler ýüze çykyp bilýär.
Şol sebäpden Žanna Tan we onuň kärdeşleri elektron tekstiliň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin bu taslamany işläp taýýarladylar. Olar emeli aňyň mümkinçiliklerini termohrom materiallar bilen birleşdirdiler. Netijede, diňe bir ýylylyk berýän däl, şeýle-de aşa gyzmagyň öňüni alýan mata işlenip taýýarlandy.
Täze eşigiň howpsuzlygyny ýokarlandyrýan esasy aýratynlyklarynyň biri hem – şol wagtky temperaturany reňkler arkaly aňladýan görkezijileridir. Birinji görnüşli termohrom ýüplükler 30°C-den ýokary temperatura ýetende, benewşe reňkden gülgüne reňke geçýär. Bu reňkler gündizki ulanyş üçin amatly bolup durýar. Gijeki ulanyş üçin bolsa, optiki polimer süýümler ulanylýar. Olar temperatura 30°C, 40°C we 50°C derejä ýetende, degişlilikde gök, sary we gyzyl reňklerde şöhle saçýarlar.
Geçirilen tejribelerde «akylly» kurtka täsirli netijeleri görkezdi. Termohrom we optiki süýümler temperaturany dogry görkezdi, emeli aň ulgamy bolsa daşky şertler üýtgände amatly ýylylyk derejesini kesgitlemegi we saklamagy başardy.
Bu täze e-tekstil tehnologiýasy diňe bir eşikleriň önümçiliginde däl, eýsem awtoulaglaryň oturgyçlarynda, ýyladyjy mebellerde we hatda kosmos skafandrlarynda (eşiklerinde) hem giňden ulanylyp bilner diýip, alymlar belleýärler.


düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....