ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary 2025-nji ýyl üçin wezipeleri kesgitledi

  • 16.02.2025 23:39
  • 1.4k+

15-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Mejlisiň işine degişli wise-premýerler, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Jogapkär sekretary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem toparyň işiniň 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen onlaýn we oflaýn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň netijesinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça möhüm resminamalaryň we çözgütleriň kabul edilendigi nygtaldy.
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklary girizmek babatynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen teklipler bilen baglylykda ýakyn geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......