Stiw Jobsuň goly çekilen seýrek wizitka auksionda satylar

  • 16.02.2025 20:44
  • 5.2k+

RR Auction auksion öýi Stiw Jobsuň awtografly (goly çekilen) wizit kartoçkasyny satuwa çykardy. 9to5Mac neşiriniň maglumatlaryna görä, wizitka üçin teklipler eýýäm 75 müň dollara ýetdi, gutarnykly mukdar geçen ýylky rekorddan hem ýokary bolup biler.

Bellenilişi ýaly, Stiw Jobs kartoçkada öz goluny 1983-nji ýylda, ilkinji Macintosh çykmazdan bir ýyl öň galdyrdy. Onuň adynyň aşagynda “Müdirler geňeşiniň başlygy” wezipesi görkezilen. Kartoçka gara syýa bilen gol çekilipdir.
Auksionda şular ýaly 14 kartoçka hödürlenýär, ýöne olaryň diňe birinde Jobsuň goly bar. RR Auction tehnologiýalar dünýäsinde esasy täzelikçileriň biri bolan Jobsuň “ýadygärlik zatlaryna saýlap-seçip gol çekendigini” belleýär, şol sebäpli awtografly wizitka hem aýratyn gymmatly hasaplanýar.
Auksion 20-nji fewrala çenli dowam eder. Geçen ýyl şeýle kartoçka 181 000 dollardan gowrak baha satylypdy, indi auksion guramaçylary wizit kartoçkasynyň ahyrky bahasynyň bu mukdardan ýokary bolmagyna garaşýar.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....