WhatCar neşiri iň ygtybarly dizel ulaglaryň 10-lugyny düzdi

  • 16.02.2025 19:45
  • 3.5k+

Dizel hereketlendirijilerden kem-kemden ýüz öwrülýändigine garamazdan, sürüjileriň aglabasy entegem tygşytlylygy we ýokary öwrüm pursady (tork kuwwaty) üçin şony saýlaýar. WhatCar  neşiriniň bilermenleri ýüze çykýan näsazlyklaryň ýygylygyny, abatlaýyş çykdajylaryny we eýeleriniň teswirlerini seljerip, iň ygtybarly dizel awtoulaglaryň reýtingini düzdi.

Reýtingiň lideri 98,6% ygtybarlylyk görkezijisi bilen Renault Kadjar (2015-2022) boldy. Eýeleriniň bary-ýogy 12%-i näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Esasy meseleler bolsa elektronika we asma ulgam bilen bagly bolupdyr. Dilerler ähli näsazlyklary mugt düzedip beripdirler, abatlaýyş bolsa bir günden uzak dowam etmändir.

Ikinji orunda 96,5% ygtybarlylyk görkezijisi bilen BMW 3-Series (2012-2019) ýerleşýär. Eýeleriniň takmynan 15%-i akkumulýator, kuzowyň bölekleri we asma ulgam bilen bagly näsazlyklary belläp geçdiler. Olaryň ýarysynda abatlaýyş çykdajylaryny BMW öz üstüne alypdyr, galan ýagdaýlarda bolsa ulaglaryň eýeleri 200 funt sterling (takmynan, 250 dollar) möçberde çykdajy etmeli bolupdyrlar.

Üçünji orunda bolsa 96% ygtybarlylyk görkezijisi bilen BMW 3-Series (G20, 2019-njy ýyldan bäri) ýerleşýär. Eýeleriniň 17%-e golaýy hereketlendirijiniň elektronika ulgamy we kuzowyň bölekleri bilen bagly kemçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr, ýöne olaryň hemmesi uly çykdajylar bolmazdan çözülipdir.
Top-10 sanawa giren beýleki modeller bolsa degişlilikde Skoda Kodiaq (94,7%), Skoda Superb (92,9%), Volvo XC60 (92,6%), BMW X3 (92,4%), Mercedes-Benz GLC (92,3%), Ford Focus (89,7%) we Mazda CX-5 (88,5%) boldy.
Bu modeller öz ygtybarlylygyny we uzak möhletleýin hyzmat ediş ukyplaryny subut edip, dizel awtoulaglaryň arasynda iň gowy saýlaw bolup galmaga dowam edýärler.


Остальные модели распределены в рейтинге в следующем порядке: 

  • ·Skoda Kodiaq (94,7%)
  • ·Skoda Superb (92,9%)
  • ·Volvo XC60 (92,6%)
  • ·BMW X3 (92,4%)
  • ·Mercedes-Benz GLC (92,3%) 
  • ·Ford Focus (89,7%)
  • ·Mazda CX-5 (88,5%)


15.05.2026 17:45
3.4k+

BMW-niň baş direktory Oliwer Sipse wezipeden gitdi

Germaniýanyň BMW awtokonserniniň baş direktory Oliwer Sipse wezipesinden gitdi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat relizinde habar berilýär....

14.05.2026 07:27
5.4k+

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

13.05.2026 23:24
3k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

12.05.2026 19:02
1.6k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......