Ýakyn wagtda täzelenen BMW M5 çykar. Täze önüm hakda ilkinji maglumatlar peýda boldy

  • 16.02.2025 19:12
  • 5.6k+

BMW kompaniýasy Neue Klasse dizaýnly we iň täze tehnologiýaly täzelenen M5 modelini çykarmaga taýynlaýar. BMW M5-iň  häzirki nesli bir ýyl mundan ozal çykypdy, muňa garamazdan  Bawariýanyň awtoulag öndürijisi eýýäm onuň täzelenen wersiýasynyň üstünde işleýär. Golaýda geçen ýol synaglary mahalynda geljekki täze modeliň nusgasy göze ildi. Ulagy şeýle ir gaýtadan işlemeginiň sebäbi, geljekki modelleriň fonunda ulagyň daşynyň köne görünmeginiň öňüni almak üçin, kompaniýanyň modeli täze dizaýn düşünjesine laýyk getirmek islegi bilen baglydyr.

Esasan, awtoulagyň öň tarapy üýtgär. M5 Neue Klasse düşünjesi bilen ylhamlanan täze radiator gözenegini alar, indi ol birneme gysga bolar we akgynlylyk bilen täzeden işlenen baş optika geçer. Öň bamperi hem üýtgär. Onda täze merkezi howa çekiji peýda bolar, şeýle hem aşaky proýomy häzirki M2-niň dizaýnyny ýada salýan V görnüşi alar.
Awtoulagyň yzky bölegi tanyş görnüşini saklar, ýöne bamperde we yzky çyralarynda azajyk üýtgeşmelere garaşyp bileris. Synag edilýän prototipinden çen tutsaň, diffuzorynyň agressiwligi peseler, ýöne gutarnykly dizaýny galyň  astynda astynda gizlenýär.

BMW M5-iň salony hem täzelener. Hususan-da, Operating System X-e esaslanýan täze Panoramic iDrive multimediýa ulgamynyň ornaşdyrylmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, adaty iDrive dolandyryjysynyň ornuny tutjak täze köp funksiýaly rul peýda bolar.
Tehniki bölegi barada aýdylanda bolsa, güýç gurluşynda düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar.
Täzelenen BMW M5-iň resmi ilkinji görkezilişi  ýakyn aýlarda bolar, bu model bazara 2025-nji ýylda çykyp biler.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......