Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplygyň 30 ýyllygyna taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 16.02.2025 13:43
  • 9.1k+

15-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Aşgabatdaky durky täzelenýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahat Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş ulgamyna degişli görnüşleri görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. 
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. 
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramak we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigi barada aýdyldy. Meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk işlerini maliýeleşdirmek meselelerine möhüm üns berilýär.
Şeýle hem myhmanlary garşylamak, olaryň üpjünçiligini ýola goýmak we baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde medeni-köpçülikleýin çärelerini guramak, söwda medeniýetini kämilleşdirmek we baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada aýdyldy. 


11.05.2026 22:55
876

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......