Apple TV goşundysy Android enjamlar üçin elýeterli boldy

  • 15.02.2025 20:06
  • 2.3k+

Apple kompaniýasy Android smartfonlar we planşetler üçin resmi taýdan Apple TV goşundysyny çykardy. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Indi bu operasion ulgamyň (Samsung, Xiaomi we ş.m. enjamlaryň) ulanyjylary hem Apple TV+ tomaşa edip, MLS Season Pass-a agza bolup, abunalyklaryna gönüden-göni Google Play-den gözegçilik edip bilerler. Goşundy eýýämden Google Play-de elýeterli bolup, Android 10 we ondan ýokary wersiýalarda işleýän enjamlar üçin goldaw berýär.
Uzak wagt garaşylan goşundy Apple enjamlarynyň ulanyjylaryna tanyş bolan esasy Apple TV funksiýalaryny goldaýar. Olaryň arasynda «Görmäge dowam et» (Продолжить просмотр) sanawy, internet ýok wagty (offline) görmek üçin ýükläp almak we gözleg funksiýalary bar. Tomaşa edilýän mazmunyň dowamlylygy ulanyjynyň ähli enjamlarynyň arasynda sinhronizasiýa edilýär, ýagny sazlaşykly saklanýar – meselem, görmäge telewizorda başlap, soň yzyny smartfonda dowam edip bolýar. Umuman, interfeýs sada (minimalistik) stilde işlenip taýýarlanan, planşetlerde bolsa şol funksiýalar gapdallaýyn panele uýgunlaşdyrylan.
Goşundynyň içindäki mazmunlaryň diňe Apple TV+, MLS Season Pass we MLB Friday Night Baseball bilen çäklidigini bellemek möhümdir. Android-de iTunes Store-dan satyn alnan mazmunlar görkezilmeýär, şeýle-de ulanyjylar ozal satyn alan kitaphanalaryna girip bilmeýärler. Bildirişler we Google Cast arkaly wideolary beýleki enjamlarda görkezmek ýaly mümkinçilikler hem goldanmaýar. Şeýle-de bolsa bu goşundy Android enjamlar üçin ilkinji doly Apple TV programmasydyr. Häzirki wagta çenli ulanyjylar onuň web wersiýasyny ulanmaga mejbur bolýardylar.
Şol bir wagtda Google TV üçin Apple TV goşundysy hem täzelendi. Indi ulanyjylar Apple TV+ we MLS Season Pass-a Google Play Billing arkaly agza bolup bilerler.
Kompaniýa Apple TV+ bilen heniz tanyş bolmadyklar üçin, Android goşundysy arkaly ýedi günlük mugt synag wersiýasyny hödürleýär.


04.06.2026 11:54
1.9k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

05.05.2026 15:24
984

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....