75-nji Berlin kinofestiwaly açyldy: Tilda Suinton “Altyn aýy” baýragyny aldy

  • 15.02.2025 12:47
  • 2.7k+

Germaniýanyň paýtagtynda 75-nji Berlin kinofestiwaly öz işine başlady. Abraýly halkara kinofestiwal hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.

Şu ýyl festiwal ilkinji gezek öň London kinofestiwalynda işlän Trişi Tattlyň ýolbaşçylygynda geçer. Emin agzalarynyň başlygy amerikaly režissýor Todd Heýns boldy.
Açylyş dabarasynda durmuş üstünlikleri üçin “Altyn aýy” baýragynyň gowşurylyşy geçirildi – ony aktrisa Tilda Suinton aldy.
Berlinaleni açan filmi Tom Tykweriň “Yşyk” (Das Licht) dramasy boldy. Ol jemgyýetde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan nemes maşgalasy barada gürrüň berýär. Sýužet är-aýalyň we olaryň çagalarynyň durmuşyna hem-de bu durmuşyň siriýaly hyzmatkär Farranyň gelmegi bilen üýtgeýşine ünsi jemleýär.
Tykwer özüniň “Ylga, Lola, ylga” (Беги, Лола, беги), “Parfýumer: Bir ganhoryň hekaýaty” (Парфюмер: История одного убийцы) we “Bulut atlasy” (Облачный атлас) ýaly filmleri bilen bellidir.
Şeýle-de, festiwalda Pon Jun-honyň baş keşbi Robert Pattinsonyň ýerine ýetirmeginde “Mikki 17” fantastiki komediýasynyň premýerasy bolar. Film Edward Eştonyň “Mikki 7” kitaby boýunça düşürildi.
Berlinaleniň esasy meýilnamasyna Riçard Linkleýter, Mişel Franko we Hon San Su ýaly belli režissýorlaryň işi-de gatnaşýar. Ssenariçi Rebekka Lenkewiç “Gyzgyn süýt” (Горячее молоко) lentasyny hödürlemek bilen, ilkinji gezek özüni režissýor rolunda görkezer.


şu gün 10:00
1.8k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....