Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Wuçiçi Serbiýanyň milli baýramy bilen gutlady

  • 15.02.2025 09:30
  • 2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Serbiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Serbiýada Döwlet güni 15-16-njy fewralda bellenilip geçilýär. 1835-nji ýylyň 15-nji fewralynda ýurduň ilkinji konstitusiýasy kabul edildi.


düýn 14:32
4.3k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 14:07
6.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki......

13.04.2026 11:59
9.1k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi....

13.04.2026 00:13
4.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....