Исследование Би-би-си: Чат-боты с ИИ не способны точно пересказывать новости

  • 15.02.2025 09:17
  • 1.7k+

ChatGPT, Copilot, Gemini we Perplexity AI ýaly emeli aňa esaslanýan çat-botlar habarlary hemişe diýen ýaly takyk bermeýär. Bi-bi-si tarapyndan geçirilen gözleg habarlar baradaky soraglara berlen jogaplaryň 51%-inde “möhüm nätakyklyklaryň” we fakt ýoýulmalarynyň bardygyny görkezdi.

Žurnalistler çat-botlara Bi-bi-siniň saýtyndan ýüz habar berip, bu materiallar boýunça sorag berdi. Jogaplaryň ýarysynda nätakyklyk tapyldy, 19%-inde bolsa nädogry tassyklamalar, sanlar we seneler ýaly fakt ýalňyşlyklary bardy.
Aýratynam, Microsoft-yň Copilot we Google-yň Gemini çat-botlarynda uly kynçylyk ýüze çykdy.
Mundan başga-da, çat-botlar pikirleri we faktlary kynlyk bilen tapawutlandyryp, köplenç, redaktirlemä ýol berýär ýa-da möhüm konteksti sypdyrýar.
BBC News-iň baş müdiri Debora Terness EA-nyň “çäksiz mümkinçilikleri” hödürleýändigini, ýöne bu gurallary işläp düzýän kompaniýalaryň “ot bilen oýnaýandygyny” belledi.

“Biz dartgynly döwürde ýaşaýarys we EA tarapyndan ýoýlan sözbaşy hakyky dünýä uly zyýan ýetirmezden öň näçe wagt geçer?” – diýip, ol ýazdy.

Adatça, Bi-bi-si öz kontentlerini emeli aňly çat-botlardan blokirleýär, ýöne 2024-nji ýylyň dekabr aýynda kompaniýa synag möhleti üçin web-saýtyny açdy.
Bi-bi-siniň generatiw EA boýunça programmasynyň müdiri Pit Arçer neşirýatlaryň “öz kontentleriniň ulanylýandygyny we nähili ulanylýandygyny gözegçilikde saklamalydygyny, EA bilen meşgullanýan kompaniýalaryň bolsa, kömekçileriň habarlary nähili işleýändigini, şeýle-de olaryň goýberýän ýalňyşlyklarynyň we nätakyklyklarynyň gerimini we möçberini görkezmelidigini” belledi.


17.06.2026 11:11
1.3k+

В Узбекистане учредили конкурс ИИ-стартапов с грантами до $100 тыс.

Кабинет министров Узбекистана утвердил регламент проведения ежегодного конкурса President AI Award за звание «Лучшего стартапа в сфере искусственного интеллекта»....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Домохозяйки и рабочие в Индии зарабатывают на обучающих видео для роботов с ИИ

В Индии растёт спрос на работников, которые помогают обучать роботов с искусственным интеллектом, записывая на видео выполнение повседневных действий. За такую работу участники программ получают чуть больше $3......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Поспешили с увольнением: компании возвращают сотрудников, сокращенных из-за ИИ

Бизнес-среда столкнулась с неожиданным трендом, получившим название «ИИ-бумеранг». Компании, которые ранее проводили массовые сокращения ради автоматизации и внедрения искусственного интеллекта, вынуждены......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Таможня Туркменистана внедрила ИИ в систему «Единое окно»

Государственная таможенная служба Туркменистана (ГТСТ) внедрила технологию искусственного интеллекта в веб-портал «Единое окно для экспортно-импортных операций». Новая функциональность стала доступна......