Grenlandiýanyň buzluklarynyň eremegi soňky 10 ýylda alty esse tizleşdi

  • 14.02.2025 11:06
  • 6.5k+

Demirgazyk ýarym şarda süýji suwuň iň uly gorlary bolan Grenlandiýanyň buz galkany rekord tizlik bilen azalýar. 1980-nji ýyllardan bäri ol trillion tonnadan gowrak buz ýitirdi, soňky on ýylda bolsa ereme depgini alty esse güýçlendi diýip, Berknesiň Klimat gözlegleri merkeziniň norwegiýaly alymlary habar berýär.

Hünärmenler ýylda 230 mlrd tonna töweregi buzuň ýitmeginiň aýgytly pursat boljakdygyny belleýär. Bu ortaça global tenperaturanyň 3,4°C ýokarlanmagyna deň gelýär. 2024-nji ýylda planeta eýýäm Pariž şertnamasy tarapyndan kesgitlenen 1,5°C çäkden geçdi.
Alymlar klimat üýtgemeleriniň buz galkanynyň massasyna ýetirýän täsirine baha bermek üçin kompýuter modelirlemesinden peýdalandy. Olar ýeriň beýikliginiň we relýefiniň hem aýgytly rol oýnaýandygy baradaky netijä geldi: buz beýik ýerlerde diňe buz örtükleri galýança eremegini dowam etdirer diýip, The Chryoshere žurnaly ýazýar. 
Buz galkanynyň eremegi diňe bir deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna däl, eýsem ummanyň duzlulygynyň üýtgemegine-de getirer. Bu bolsa deňiz ýaşaýjylarynyň durmuşyna we deňiz ekoulgamlaryna howp salýar. Grenlandiýanyň buz örtüginiň doly eremegi deňiz derejesiniň ýedi metr ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.


düýn 17:40
8.1k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......