80 ýyl bäri muzeýde saklanýan pleziozawryň skeletinden deri bölejikleri we teňňeler tapyldy

  • 13.02.2025 13:35
  • 8.5k+

Ýewropaly paleontologlar 1940-njy ýylda Germaniýada tapylan ýura döwrüne degişli pleziozawryň galyndylaryny seljerdiler. Bu gadymy süýrenijiniň galyndylary 80 ýyllap muzeýde saklanypdy. Alymlar ony gaýtadan seljerip onuň käbir ýerlerinde deri bölejikleriniň we teňňeleriň häzirki wagta çenli saklanyp galandygyny anykladylar. Ylmy işiň netijeleri «Current Biology» žurnalynda çap edildi.

Paleontologiýada adatça açyşlar şeýle edilýär: alymlar süňkleri ýa-da ýumşak dokumalary tapýarlar, olaryň gurluşyny seljerýärler we öň tapylan nusgalar bilen deňeşdirýärler. Eger uly tapawut bar bolsa, täze görnüşiň ýüze çykandygyny yglan edýärler. Edil şu skeletde bolşy ýaly, kämahal tapylan zatlar derrew öwrenilmän, onlarça ýyllap muzeýde saklanylýar.
Şwesiýaly alymlar bu skeleti 2020-nji ýylda gaýtadan seljerdiler. Onuň hakykatdan hem 183 million ýyl ozal, ýura döwrüniň toarsiý ýarusynda ýaşap geçen pleziozawra degişlidigini anykladylar.


Geň galdyrýan zat, bu galyndylaryň «adatdan daşary ýagdaýda» gowy saklanyp galmagydyr. Sebäbi onuň diňe bir süňkleri däl, eýsem derisiniň käbir ýerleri we teňňeleri hem henize çenli saklanyp galypdyr. Bu örän seýrek duş gelýän ýagdaý. Tapylan derileriň galyňlygy 250 mikrometre deň. Alymlar ozal pleziozawrlaryň derisini inçe diýip çaklaýardylar, emma bu açyş olaryň derisiniň häzirki deňiz pyşbagalarynyňka meňzeş bolandygyny görkezýär.

«Men bu pleziozawryň öz döwründäki ihtiozawrlar ýaly teňňesiz bolmagyna garaşýardym. Uzyn boýunly pleziozawrlaryň daşky görnüşini diňe çaklap bolýardy, ýöne indi täze galyndylar arkaly biz has anyk düşünjeleri aldyk» diýip, ylmy işiň awtory Maýkl Marks belledi.


düýn 19:49
2.4k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
4.8k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.6k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......