Alymlar smartfonyň we telewizoryň çagalara edýän täsiri boýunça barlag geçirdiler

  • 13.02.2025 12:57
  • 5.5k+

Halkara alymlar topary Latyn Amerikasynyň ýurtlarynda ýaşaýan 1 ýaşdan 4 ýaş aralygyndaky 1878 çaganyň gatnaşmagynda barlag geçirdi. Olar körpeleriň aglabasynyň ekranyň öňünde maslahat berilýän wagtdan has köp oturýandygyny  görkezdi. Iň meşhur enjamlar telewizor we smartfon bolup çykdy.

Barlaga gatnaşyjylar bilen geçirilen pikir soraşmada olaryň sosial-ykdysady ýagdaýy maşgalanyň esasy çeşmelere elýeterliligine, ene-atalaryň bilim derejesine we hünärlerine baglylykda kesgitlenildi.
Hünärmenler öz gözegçilikleriniň netijelerini MedicalXpress-da çykan makalasynda paýlaşdylar.
Alymlar köp wagtyny ekranyň öňünde geçirýän çaganyň sözleýiş diliniň ýaramaz ösýändigini anykladylar. Şol bir wagtyň özünde, kitap okamak we ene-atalar bilen bilelikde telewizora ýa smartfona tomaşa etmek, tersine, sözleýiş endikleriniň ösmegine itergi berýär. Şonda, esasan, bilim beriji programmalary saýlamak maslahat berilýär.
Telewizora köp seredýän çagalaryň söz gory çäkli bolýar we giç gepläp başlaýarlar. Bu, esasanam, okamaklyga az üns berilýän, sosial-ykdysady ýagdaýy pes maşgalalardaky çagalara mahsusdyr. COVID-19 pandemiýasyndan soň ýagdaý has-da erbetleşdi.
Çaga lukmanlary iki ýaşa çenli çagalara gajet bermezligi maslahat berýär, uly ýaşly çagalar bolsa olary gaty az we ulularyň gözegçiligi astynda ulanmalydyrlar.


şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......