BSGG 50 ýurdy çagalar üçin rak keseline garşy mugt derman serişdeleri bilen üpjün eder

  • 13.02.2025 11:31
  • 5.8k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) pes we orta girdejili ýurtlary çagalar üçin rak keseline garşy derman serişdeleri bilen mugt üpjün etjek maksatnamany işe girizdi. Bu başlangyç bu ýurtlarda rak keselinden ejir çekýän çagalaryň arasynda diri galmagyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Derman serişdeleriniň birinji toplumy eýýäm Mongoliýa we Özbegistana gowşuryldy, ýakyn wagtda bolsa Ekwadora, Iordaniýa, Nepala we Zambiýa iberilmegine garaşylýar.
Maksatnamanyň çäklerinde bu ýurtlardan 5000 töweregi çaga bejergi alar. Geljekde 5-7 ýylyň içinde taslamany 50 ýurda çenli giňeldip, 120 müňden gowrak çaga derman serişdelerini bermek meýilleşdirilýär.
Ilkinji gezek 2021-nji ýylyň dekabr aýynda yglan edilen maksatnama Keramatly Iuda çagalar hassahanasynyň (ABŞ) goldawyny aldy, ol taslamanyň durmuşa geçirilmegine 200 mln dollar bölüp berdi.
BSGG derman serişdeleriniň mugt berilmeginiň taslamanyň synag tapgyry tamamlanandan soň hem dowam etdiriljekdigini kepillendirýär.


düýn 18:05
1.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......