BYD awtopiloty hatda iň arzan elektrikli ulaglarynda-da elýeterli eder

  • 12.02.2025 21:26
  • 6.4k+

Hytaýyň BYD awtoulag ägirdi elektrikli awtoulaglarynyň iň arzan bahaly modellerini hem sürüjilere kömek ulgamynyň döwrebap görnüşi bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa munuň hemmeler üçin “akylly” sürüşiň täze eýýamynyň  başy boljakdygyna ynanýar.

Hatda 10 müň dollardan arzan bahaly awtoulaglarda hem awtopilot bolar.
South China Morning Post-yň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 21 sany elektrikli ulagy we gibrid modelinde SAE Level 2 sürüjä kömek ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär.
BYD-yň baş direktory Wan Çuanfu God’s Eye diýlip atlandyrylýan awtopilot ulgamynyň soňky 7 ýylyň dowamynda 5000 inženerden ybarat toparyň tejribesini  ulanmagyň hasabyna, garaşylyşyndan has ýokary netijäni berjekdigini aýtdy.
Seljerijiler Hytaý bazarynda satylýan täze awtoulaglaryň üçden iki böleginiň awtopilotyň ol ýa-da beýleki görnüşi bilen üpjün ediljekdigini çaklaýarlar. Şu ýyl Hytaýyň bazaryna çykjak azyndan 15 million täze awtoulag iň bolmanda 2-nji derejeli özbaşdaklyga eýe bolar. Ol sürüji tarapyndan ulagyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilmegini we elleri rulda saklamagy öz içine alýar, ýöne tehniki taýdan köp görnüşli hereketleri awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Sürüji dolandyryş işine islendik wagt goşulmaga taýyn bolmaly.
Awtoulag öndürijileri, esasanam, elektrik ulagy segmentinde görnetin ýokary bäsdeşlik şertlerinde işleýärler. Şonuň üçin BYD XPeng, Huawei we Nio ýaly oýunçylara ornuny bermezlik üçin käbir çynlakaý işleri geçirmeli bolar.
Soňky ýyllarda 2-nji derejeli sürüjilere işjeň kömek ulgamynyň bahasy her awtoulag üçin 1400 dollara çenli arzanlady, ýagny üç ýylda iki esse aşak düşdi. Tesla häzirki wagtda Hytaýda FSD ulgamyny diňe synagdan geçirýär we onuň köpçülikleýin öndürilýän elektrik ulaglarynyň eýeleri tarapyndan ulanylmagyna rugsat almady. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-da FSD-ni işjeňleşdirmek 8000 dollar durýar, BYD bolsa 2-nji derejeli awtopilotyny müşderilere goşmaça tölegsiz berýär.  


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......