Fransiýa OpenAI bilen DeepSeek-den ozmak üçin emeli aň ulgamyna 109 milliard ýewro maýa goýýar

  • 12.02.2025 17:13
  • 3.8k+

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron emeli aňy (EA) ösdürmek üçin 109 milliard ýewro möçberdäki uly maýa goýumlarynyň goýuljakdygyny mälim etdi. Bu karar Amerikanyň 500 milliard dollarlyk «Stargate» taslamasyna garşy Fransiýanyň beren jogaby bolup durýar diýip, TechCrunch habar berýär.

Bu barada Parižde 2024-nji ýylyň 10-11-nji fewralynda EA boýunça geçirilen üçünji halkara sammitiň (AI Action Summit) çäginde aýdyldy.
TechCrunch neşiriniň habaryna görä, bu serişdeleriň esasy bölegi EA üçin ýörite niýetlenen täze maglumat merkezleriniň (data-center) gurluşygyna gönükdiriler.
Makron şeýle-de EA pudagy boýunça fransuz startaplary – «Mistral», «Owkin» we «Wandercraft» barada aýratyn belläp geçdi.

«Hemmeler has uly we has güýçli bolmaly diýip pikir edýärdi. Emma DeepSeek OpenAI-yň iň soňky modelinde bar bolan innowasiýalary alyp, olary özüne uýgunlaşdyrmak arkaly has tygşytly çemeleşmeleriň mümkindigini subut etdi» diýip, Makron belledi.

Ýatlatsak, Mistral – EA boýunça öňdebaryjy modelleri işläp düzýän «Alibaba», «Anthropic», «DeepSeek», «Meta» hem-de «OpenAI» ýaly tehnologiýa ägirtleri bilen bäsleşýän seýrek ýewropaly kompaniýalaryň biridir.
Fransiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň mukdary ýurduň sarp edýän mukdaryndan köpdür. Şeýle-de elektrik energiýasynyň köp mukdary atom elektrik stansiýalarynda öndürilýär. Şol sebäpden Fransiýa köp energiýa talap edýän maglumat merkezleri üçin örän amatly mekan bolup durýar.
Şeýle-de Makron, durnukly we ekologiýa taýdan arassa energiýa ulgamynyň Fransiýany EA pudagyndaky iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ideal ýurda öwürýändigini belläp geçdi.


düýn 19:47
528

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
1.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

10.06.2026 17:29
12k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......