MrBeast Giza piramidalarynda 100 sagat boldy: iň täsirli we tolgundyryjy pursatlar

  • 12.02.2025 16:26
  • 7.6k+

Meşhur YouTube blogeri MrBeast (hakyky ady – Jimmi Donaldson) Giza piramidalarynyň içinde 100 sagat bolmaga ajaýyp mümkinçilik gazandy. Ol köpçülik üçin ýapyk bolan aramgähleri we tunnelleri gözden geçirdi.

“Bu meniň durmuşymda iň gowy tejribe” – diýip, MrBeast belleýär.

Blogeriň başdangeçirmelerini YouTube sahypasyndaky wideoda görmek bolýar. MrBeast-e piramidalary öwrenmek üçin birnäçe dosty ýoldaş boldy. Olara Müsüri öwrenýän hünärmen, şol sanda dokumentalist Rami Romani, tanymal bilermen Zahi Hawass, şeýle-de arheolog, tutuş syýahatçylyk toplumynyň baş müdiri Aşraf Mohi El-Din goşuldy. Soňkusy üç sany uly piramidanyň iň kiçisi bolan Mikerin piramidasyna (“Menkaura piramidasy” hökmünde hem belli) ekskursiýa geçirdi.
Aşraf bu piramidalaryň başga planetalylar däl-de, müsürliler tarapyndan gurlandygyny hem nygtady.
MrBeast öz topary bilen barmasy kyn bolan zolaklara, şol sanda Imeriniň aramgähine we bölekleýin suw basan Osirisiň mazaryna, Gizada piramida guran ilkinji Müsür şasy Hufunyň aramgähine baryp gördi, şeýle-de hemmelere başartmaýan Sfinksiň aşagyndaky insiz ötükde bolup gördi.
Sfinksiň öwrenilmegi wideonyň esasy pursatlarynyň biri boldy. Bloger bu ýerde, rowaýatlara görä, hazynanyň gizlenýän gizlin ybadathanasyny tapmaga synanyşdy, ýöne gymmat bahaly şaý-sepleriň deregine diňe boş giňişligi tapdy. “Zahi, men diňe boş deşigi görýärin” – diýip, ol kadrda aýdýar.


Donaldson bu ýagdaýy düzetmek kararyna gelýär we bu ýerde Hawass bilen bilelikde geljekki ylmy gözlegçiler üçin ýazgy we 10 müň dollar bahasy bolan kiçijik altyn tokgasyny gömýär.
Bloger berk goralýan we adamlara barmak üçin düýbünden gadagan bolan Imeri aramgähine hem baryp gördi. Bu ýeriň 4600 ýyllyk diwar ýazgylary gadymy Müsüriň durmuşyny şekillendirýär. MrBeast piramida gurluşykçylarynyň jaýlanan ýerini, işçileriň aramgähini-de gördi.
Wideonyň ahyrynda topar iň beýik we myhmanlardan gizlin piramida otagyna äkidildi, bu ýerde, blogeriň aýtmagyna görä, soňky 500 ýylda bary-ýogy 50 adam bolup gördi. Ýöne bu ýerde ýarganatlar ýeterlik derejede köpdi.
Wideo düşürmek işleri Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrliginiň rugsady bilen alnyp baryldy. MrBeast bu gezelenji barada dekabr aýynda mälim edipdi, şonda ol Giza piramidalaryny 100 sagatlyk “kärendesine alandygyny” aýtdy, ýöne ministrlik bu maglumaty ret etdi.

“Jenap Donaldsona syýahatçylaryň ýok sagatlarynda piramidalary wideo düşürmäge rugsat berildi. Ýöne kärendesine barada hiç hili gürrüň bolmady” – diýip, edara belledi.

Wideo bir günde 43 milliondan gowrak tomaşa ýygnady (häzir olaryň sany 85 milliondan geçdi) we müsürlileriň öz arasynda-da uly gyzyklanma döretdi. “Men müsürli, ýöne bu ýerlerini ilkinji gezek görýärin” – diýip, ulanyjylaryň biri YouTube-da ýazdy.
Tomaşaçylaryň pikiriçe, şeýle taslamalar bütin dünýäde millionlarça adamy gadymy Müsüriň taryhy bilen tanyşdyrmaga kömek edýär. 


21.02.2026 17:18
8.9k+

Müsürde üsti altyn bilen örtülen 4300 ýyllyk abat mumiýa tapyldy

Arheologlar Müsüriň Sakkara nekropolyndan 4300 ýyl ozal möhürlenen hek daşyndan ýasalan sarkofagy açdylar. Onuň içinden altyn çaýylan, heniz ellenmedik görnüşde mumiýa tapyldy. Earth neşiriniň habar bermegine görä, 15 metrlik şahtanyň düýbünden tapylan bu gubur Gadymy patyşalygyň Bäşinji we Altynjy nesilleriniň döwrüne degişlidir...

19.02.2026 15:30
6.6k+

Tutanhamonyň duşmanlaryny dep eden «sandallary» görkezildi

Arheologlar Tutanhamonyň aramgähinden tapylan we iç ýüzünde faraonyň el-aýagy daňylgy duşmanlary şekillendirilen gyzykly bir jübüt sandaly görkezdiler. Takmynan, 3 300 ýyllyk taryhy bolan bu aýakgap 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Goward Karter tarapyndan tapylypdy...

09.02.2026 19:57
7.3k+

TimeOut dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasyny saýlady (Duýdurýas! Bu makala agzyňy suwardýar!)

TimeOut neşiri dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasynyň reýtingini hödürledi. Sanaw žurnalyň dürli ýurtlardaky awtorlarynyň we redaktorlarynyň gatnaşmagynda taýýarlandy. Saýlamakda pizzanyň hili we kafeleriň nusgawy reseptlere bolan gatnaşygy göz öňünde tutuldy...

08.02.2026 09:05
2.4k+

Ysy eksponat etdiler: Germaniýanyň muzeýinde gadymy müsür balzamlarynyň ysy dikeldildi

Halkara alymlar topary Gadymy Müsürde mumyýalamak üçin ulanylan gadymy balzamlaryň ysyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Bu täzelik bilen Gannowerdäki Awgust Kestner muzeýinde geçirilen sergide tanyşdyryldy...