Ilon Mask: “TikTok-y almagyň küýüne düşemok. Men kompaniýany noldan döredýän”

  • 11.02.2025 16:52
  • 11k+

Tesla, SpaceX we beýleki birnäçe kompaniýalaryň ýolbaşçysy Ilon Mask gysga wideolar platformasy bolan TikTok-y satyn almakçy bolýandygy baradaky maglumaty ret etdi.

Milliarder bu barada ýanwar aýynyň ahyrynda Axel Springer SE mediakompaniýasynyň The WELT Group torunyň sammitine gatnaşyjylara öz wideo ýüzlenmesinde aýtdy, ýöne onuň teswirleri diňe häzir köpçülige belli boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

“Men TikTok-a bil baglamadym. Meniň, eger mende TikTok bolan bolsa, näme etjekdigim bilen bagly hiç hili meýilnamam ýok” – diýip, Mask aýtdy. Ol gysga wideo üçin programmadan peýdalanmaýandygyny we onuň formaty bilen tanyş däldigini sözüniň üstüne goşdy.
“Men TikTok-y satyn almagyň küýüne düşemok, men, aslynda, kompaniýa satyn almaýaryn, bu örän seýrek ýagdaý” – diýip, Mask aýtdy. Ol 44 mlrd dollara häzir X diýlip atlandyrylýan Twitter media platformasyny satyn almagyny bolsa, adatdan daşary ýagdaý diýip belledi. “Adatça, men kompaniýany noldan döredýärin” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli habar ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, eger Mask wideoserwisi satyn almak islese, onuň teklibine seretmäge taýýardygyny aýdandan bir hepde soň ýaýrady. Häzirki wagtda bu programma ABŞ-da ýapylmak howpy abanýar, sebäbi ol milli howpsuzlyga zyýan ýetirýär diýlip hasaplanýar. TikTok 19-njy ýanwarda bloklanypdy, ýöne birnäçe sagatdan, Tramp platforma puryja bermäge taýýardygyny aýdandan soň, işini gaýtadan dikeltdi. Ol prezident wezipesine girişenden soň, degişli permana gol çekdi.
Muňa garamazdan, Apple we Google öz programma dükanlarynda TikTok-y henizem dikeltmedi. Şonuň üçin ABŞ-da Android ulanyjylary programmany platformanyň web-saýtyndaky bukjalar arkaly ýükläp alýar. 


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......