Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy

  • 11.02.2025 12:48
  • 6.9k+

10-njy fewralda 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesiniň Medeniýet öýüniň binasynda geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.
Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Belläp geçsek, Döwletli zaman şäherçesi türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda açyldy. 2022-nji ýylda etrabyň çäginde köp gatly ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyp ulanmaga beridli. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara sowgat berildi. 2024-nji ýylda bolsa etrabyň Şatlyk şäherçesinde täze metjit açyldy.
Dabaraly maslahat welaýatyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary bilen utgaşdy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......