Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň ilçisi işe başlady

  • 11.02.2025 12:38
  • 2.3k+

10-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Eduardo Enrike Ernandes Resinos diplomatik işini Ankara şäherinde oturan ýerinden alyp barar.
Söhbetdeşligiň barşynda Gwatemala Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ilçä milli parlamentiň düzümi, onuň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri barada gürrüň berildi.
Duşuşygyň ahyrynda Eduardo Enrike Ernandes Resinos Türkmenistanda Gwatemala Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Şol gün Eduardo Enrike Ernandes Resinos şeýle hem Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilenduşuşyp, ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....