«Edil Pixar-yňky ýaly»: Apple täsin robot-çyrasyny görkezdi

  • 10.02.2025 22:05
  • 2k+

Apple kompaniýasynyň robototehnika bölümi «Lýukso-körpe» (Люксо-младший) multfilmindäki çyrany ýada salýan robotyň nusgalyk modelini görkezdi. Bu barada «Apple Machine Learning Research» web sahypasynda habar berilýär.

Işläp düzüjiler robotyň iki görnüşini görkezdiler: «Expressive» we «Functional».
Iki robot hem stoluň üstüne ýerleşdirilen çyrany ýada salýar. Olar eliň hereketlerine we sesli buýruklara jogap berip bilýär. Sesleri bolsa iPhone-lardaky Siri atly kömekçiniň sesine meňzeýär.
«Expressive» atly robot-çyra adamlar bilen has gowy täsirleşýär. Mysal üçin, ondan howanyň ýagdaýy soralanda, robot ilki penjirä seredýär, soň bolsa howa maglumatyny paýlaşýar. Wagtly-wagtynda suw içmelidigini ýatlatmak üçin bulgury itekleýär. Eýesi gezmäge çykjakdygyny, emma ony alyp gidip bilmejekdigini aýdanda, ol «başyny» aşak egip gynanýar. Şeýle-de paýlaşylan wideoda aýdym goýberilende robotyň tans edip, söhbetdeşiniň ruhuny göterýän pursatlaryny hem görmek bolýar.
«Functional» atly robot-çyra bolsa diňe buýruklary ýerine ýetirýär, buýruk berilmedik ýagdaýynda bolsa hereketsiz durýar.
Geçen ýyl Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman Apple-yň şular ýaly robotyň üstünde işleýändigini habar beripdi. Gurmanyň sözlerine görä, Apple täze enjamyny 2026-njy ýa-da 2027-nji ýylda köpçülige hödürlär.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...