«Fantastiki dörtlük: Ilkinji ädimler» filminiň tizerine bir günde 200 milliondan gowrak adam tomaşa etdi

  • 09.02.2025 17:34
  • 5.3k+

Marvel Entertainment kompaniýasy 4-nji fewralda «Fantastiki dörtlük: Ilkinji ädimler» (Фантастической четверки: Первые шаги) filminiň tizerini hödürledi. Tizer bir günde 202 milliondan gowrak tomaşaçy toplady. Şeýlelikde tizer dowamsyz filmleriň arasynda iň köp tomaşa edilen tizer-treýler boldy diýip, Deadline habar berýär.

Bir günüň dowamyndaky tomaşaçy sany boýunça filmiň tizeri diňe iki filmi geçip bilmedi: «Dedpul we Rosomaha» filminiň treýlerine bir günüň dowamynda 365 million adam, «Möý adam: Öýe ýol ýok» (Человек-паук: Нет пути домой) filminiň treýlerine bolsa 355 million adam tomaşa edipdi.
Şeýle-de bolsa studiýanyň täze filminiň tizeri dowamsyz filmleriň arasynda rekord goýdy. Filmiň tizeri X platformasynda (öňki Twitter) hem birinji orna ýerleşdi.
«Fantastiki dörtlük: Ilkinji ädimler» filmi «Wanda/Wižn» (Ванда/Вижн) serialynyň režissýory Mett Şekman tarapyndan surata düşürildi, ssenariýasynyň ýazyjysy bolsa Joş Fridmandyr.
Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda bolar.


düýn 23:58
732

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
9.7k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....