Marvel «Fantastiki dörtlük: Ilkinji ädimler» filminiň ilkinji tizerini hödürledi

  • 07.02.2025 07:27
  • 4.4k+

Marvel Entertainment kompaniýasy «Fantastiki dörtlük: Ilkinji ädimler» (Фантастической четверки: Первые шаги) filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Filmiň premýerasy 25-nji iýulda bolar.

Marvel Studios-yň prezidenti Kewin Faýginiň sözlerine görä, filmiň wakalary Marvel-iň kinematografiki äleminiň (MCU) daşynda 1960-njy ýyllarda bolup geçýär.

«Bu taryhy film. Biz bir illýustrasiýa çykardyk, onda Jonni Ştorm howada uçup, “4” nyşanyny emele getirýär, suratyň burçunda bolsa bir şäheriň görnüşi bar. Köp sanly synçy tomaşaçy, şol şekliň biziň bilýän häzirki Nýu-Ýorkumyza ýa-da biziň dünýämizde 60-njy ýyllarda bar bolan Nýu-Ýorka meňzemeýändigini aňdylar» diýip, prodýuser aýtdy.

Filmiň baş keşplerini Pedro Paskal, Wanessa Kirbi, Jozef Kuinn we Ebon Moss-Bahrah ýerine ýetirýär. Aktýorlar toparynda şeýle-de Juliýa Garner, Ralf Aýneson, Pol Uolter Hauzer, Jon Malkowiç we Nataşa Lionn hem bar.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....