Tanymal, ýöne kimdigi belli däl: Ispaniýada Benksiniň suratlarynyň muzeýi açyldy

  • 09.02.2025 14:23
  • 6k+

Ispaniýanyň paýtagtynda britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň döredijiligine bagyşlanan muzeý açyldy. Kolleksiýada onuň 180 eseri eseri hödürlenýär, ýöne olar asyl nusga bolman, hemmesi ýewropaly suratkeşler tarapyndan döredilen göçürmelerdir.
Muzeýiň esaslandyryjysy, belgiýaly kinorežissýor we prodýuser Haziz Wardar asyl suratlaryň ýoklugy ekspozisiýanyň gymmatyny pese gaçyrmaýar diýip hasaplaýar. Onuň bellemegine görä, Benksiniň eserlerinde esasy zat – bu ýerine ýetiriş tehnikasy däl-de, olaryň manysy. Mundan başga-da, muzeý ýitip biljek ýa-da ýok edilip bilinjek graffitileri saklap galmaga kömek edýär.
Suratkeşiň özi şeýle muzeýleriň döredilmegine garşy çykmady, ýöne şol bir wagtyň özünde-de goldamady. Onuň bu babatda ýeke-täk belligi sosial ulgamlarda peýda boldy: ol öz suratlarynyň göçürilip alynmagyna garşy däl, ýöne ýeke-täk şert – hiç kim mundan täjirçilik peýdasyny almaly däldir.
Wardar asyl suratlaryň awtorynyň öz üstünden şikaýat etmejekdigine ynanýar, sebäbi şeýle ýagdaýda suratkeş öz şahsyýetini mälim etmeli bolardy.

Benksi kim?
Benksi – zamananyň iň belli suratkeşleriniň biri, ýöne onuň şahsyýeti syr bolup galýar. Onuň eserleri – diňe bir graffiti bolman, köplenç, häzirkizaman jemgyýetiniň meseleleriniň üstünden gülýän sosial teswirler bolup çykyş edýär.
TmCars ussadyň iň belli suratlarynyň käbirine seredip geçmegi teklip edýär:

“Şarly gyzjagaz” (2002)
Benksiniň iň bir tanalýan suratlarynyň biri Londonda peýda boldy. Gyzjagaz ýürek şekilli uçup barýan gyzyl şara elini uzadýar. Surat dürli düşündirişi ýüze çykarýar: bu ýitginiň, ulalmagyň ýa-da umydyň nyşany bolup biler. Bu eser 2018-nji ýylda bolup geçen ýagdaýdan soň has meşhur boldy. Benksi suratyň awtorlyk nusgasyny kagyz ýüzüne çekip, çarçuwa ýerleşdirdi we suraty hiç ýerde auksiona çykarmazlyk şerti bilen satdy. Alyjy beren wadasynda durmady we ony Sotheby’s auksionynda satmak kararyna geldi. Söwda wagty suratyň bahasy 1 mln funt sterlingden geçip, auksionçy çekiji uranda, aşaky çarçuwada gurnalan gizlin mehaniki şreder (kagyzy örän ownuk böleklere bölýän enjam) birden işläp başlady: surat öz-özüni ýarysyndan ýok etdi...

“Sarp edijiler çeňňegi” (2006)
Bu surat adamlaryň oýlanyşyksyz sarp etmäge meýilliligini ýaňsylaýar. Bannerde şeýle ýazgy bar: “Pes bahadan satuwyň soňky güni”.

“Halynyň aşagyna süpürip goýber” (2006)
Suratda hapany halynyň aşagyna süpürýän hyzmatkär aýal şekillendirilen. Surat meseleleri çözmegiň deregine, olara üns bermezlige ýykgyn etmegi alamatlandyrýar.

“Zebranyň zolaklarynyň ýuwulyşy” (2008)
Bu surat Malide döredilen we suw ýetmezçiligi meselelesini gozgaýar. Surat dünýäde siwilizasiýa eşretleriniň manysyz harçlanmagyny we deňölçegsiz paýlanmagyny görkezýär.

“Migrant Stiw Jobs” (2015)
Benksi Apple-iň esaslandyryjysyny egni torbaly we köne kompýuterli şekillendiripdir. Surat bosgunlaryň lagerinde döredilen we Jobsuň kakasynyň – Abdulfattah Jandaliniň siriýaly migrant bolandygyny ýada salýar (ýeri gelende bellesek, Stiw Jobsuň doglan wagty dakylan ady – Abdul Latif Jandali). Surat migrantlary howp hökmünde däl-de, dünýäni üýtgedip biljek adamlar hökmünde kabul etmegi teklip edýär.

“Roždestwoňyz bilen” (2018)
Suratda çaga dili bilen gar tutýar. Surata burçdan seredýänçäň, ol adaty eýjejik surat bolup görünýär. Bu eser ekologiýa meselelerini gozgaýar.

Benksi lakamynyň aňyrsynda kim gizlenýär?
Pikirlere görä, bu lakam bilen sazanda Robert Del Naýa gizlenýär, ýöne muňa delil ýok. Ähtimal, gizlinlik – suratkeşiň öz sungatyny üns merkezinde galdyrmagy üçin esasy guraly bolsa gerek. 


27.05.2026 14:36
5.1k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......