XVIII asyrda gark bolan ispan gämisinde 1 million dollarlyk altyn hazyna tapyldy

  • 07.10.2025 16:01
  • 12k+

Guwwaslar Floridanyň kenarýakasynda deňziň düýbünden takmynan 1 million dollarlyk hazyna tapdylar. Şaýy pullar 1715-nji ýylyň 31-nji iýulynda Ispaniýanyň flotiliýasynyň heläkçiliginden soň üç asyrdan gowrak wagtlap suwuň aşagynda ýatypdyr. Tupan Täze Dünýäden Ispaniýa altyn we şaý-sepleri alyp barýan birnäçe gämini heläkçilige sezewar edipdir diýip, Associated Press habar berýär.

Üstümizdäki ýylyň tomsunda guwwaslar müňden gowrak altyn-kümüş şaýylary tapdylar. Olar Ispaniýanyň koloniýalarynda - Boliwiýada, Meksikada we Peruda zikgelenipdir. Käbirlerinde zikgehanalaryň goýan seneleri we tagmalary saklanyp galypdyr.
Gark bolan gämileri çykarýan kompaniýanyň amallar bölüminiň müdiri Sel Guttuzo her teňňäniň Ispan imperiýasynyň altyn asyryna galtaşmaga mümkinçilik berýän taryhyň bir bölegidigini aýtdy.
Hazynany galdyrmak üçin gaýyklaryň flotiliýasyndan we ýörite enjamlardan - suwasty metal detektorlaryndan we çäge aýryjylardan peýdalandylar.
Floridanyň kanunyna görä, tapylan hazynalar ştata degişlidir. Olaryň 20% töweregi barlag geçirmek we muzeýde görkezmek üçin döwletiň garamagynda galmaly.


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

14.04.2026 14:55
2.8k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......