Ispaniýada Pikassonyň “Gitaraly natýurmort” suraty ýitdi

  • 20.10.2025 17:42
  • 5.3k+

Ispaniýanyň Milli polisiýasy Pablo Pikassonyň “Gitaraly natýurmort” suratynyň ýitmegini derňeýär. Ideal neşiriniň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, surat Madridden Granada eltilmelidi, ýöne ol bellenilen ýere gelip gowuşmady.

Surat, takmynan, 600 müň dollara ätiýaçlandyrylypdy. Ony “Kaha-Granada” gaznasy tarapyndan guralan “Natýurmort. Durgunlygyň bakylygy” sergisinde görkezmek meýilleşdirilipdi. Sergi geçen hepde Pikassonyň suraty bolmazdan açyldy.
Medeniýet merkezi suratyň ýitendiginiň getirilen eserleriň açylan wagty belli bolandygyny aýtdy. Hukuk goraýjy edaralar suratyň daşalan mahaly ýitip bilendigini çaklaýar. Derňew işleri dowam edýär.


28.11.2025 11:55
5.6k+

1609-njy ýylyň ispan altyn teňňesi auksionda rekord mukdara satyldy

1609-njy ýylda Ispaniýanyň patyşasy Filipp III üçin zikgelenen ispan altyn teňňesi Şweýsariýadaky auksionda rekord 3,49 mln dollara satyldy. Ol Ýewropada iň gymmat satylan teňňe boldy diýip, Reuters ýazýar. Onuň başlangyç bahasy 2,46 mln dollardy...

29.10.2025 11:21
3.5k+

Ispaniýada Pablo Pikassonyň serginiň öňýanynda ýitip giden kartinasy tapyldy

Ispaniýanyň Milli polisiýasy Pablo Pikassonyň 1919-njy ýylda guaş bilen çekilen ýitip giden “Gitaraly natýurmort” atly eseriniň tapylandygyny habar berdi (El Pais). Kartinanyň ölçegi 12,7 x 9,8 sm. Geçen hepde eser Madridden Granada sergisine iberilmeli bolupdy, ýöne ýolunyň dowamynda ýitipdi...

07.10.2025 16:01
12k+

XVIII asyrda gark bolan ispan gämisinde 1 million dollarlyk altyn hazyna tapyldy

Guwwaslar Floridanyň kenarýakasynda deňziň düýbünden takmynan 1 million dollarlyk hazyna tapdylar. Şaýy pullar 1715-nji ýylyň 31-nji iýulynda Ispaniýanyň flotiliýasynyň heläkçiliginden soň üç asyrdan gowrak wagtlap suwuň aşagynda ýatypdyr...

29.08.2025 19:48
14k+

Ispaniýada “pomidor söweşi” geçirildi: adamlar birek-birege 120 tonna pomidor zyňdy

Ispaniýanyň Bunýol şäherinde 80-nji La Tomatina festiwaly geçirildi, onuň çäklerinde bolsa däbe öwrülen “pomidor söweşi” boldy. Baýramçylyga dünýäniň dürli ýerinden syýahatçylar geldi, olar giriş petegi üçin 15 ýewro töledi...