Türkmen wekiliýeti «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly duşuşyga gatnaşdy

  • 09.02.2025 13:36
  • 7.9k+

6-njy fewralda Gazagystanda Astana şäherinde «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda gender deňligi meselelerine ýöriteleşen hünärmenler gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşygyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri we beýleki möhüm taraplar üçin DÖM-i we Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde ösüşi çaltlaşdyrmak üçin meýdançany döretmekden ybarat boldy.
M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmak boýunça ýörelgelerini berkitmäge gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtady. Gender ösüşiniň meseleleri aýal-gyzlaryň ýurduň durmuş-ykdysady we medeni ösüşine mundan beýläk-de goşulyşmagyny möhüm ugurlarynyň biri edinýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli milli maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.

M.Bäşimowa ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde «BMG – Zenanlar» düzüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin Sebit direktory Belen Sans Luke bilen duşuşdy. Söhbetdeşler gender syýasatyny kämilleşdirmek we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.
M.Bäşimowa Belen Sans Lukeni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....