Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň lagym suwlaryny gaýtadan işleýän desga baryp gördi

  • 09.02.2025 13:28
  • 16k+

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Garagum derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän lagym suwlaryny gaýtadan işleýän desga bardy. Bu barada TDH habar berýär.

Garagum derýasynyň demirgazygynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň lagym suwlaryny gaýtadan işleýän desga hereket edýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nobatdaky guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary, 100 müň kub metr suw saklamaga niýetlenen desga bar.
Onda lagym suwlaryny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwlary Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, şäheriň önümçilik toplumlarynyň, şäheriň golaýyndaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberleri bolsa Garagum derýasyna akdyrylar.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......