Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň seýilgäh zolaklarynyň taslamalary bilen tanyşdy

  • 09.02.2025 12:41
  • 10k+

8-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähde ýerleşdiriljek oturgyçlar barada birnäçe maslahatlaryny berdi. Oturgyçlaryň amatlylyk talabyna laýyk gelmegi bilen bir hatarda olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir. Oturgyçlaryň şekilleri çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan görnüşlere eýe bolmalydyr.
Seýilgäh zolaklarynyň we Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumyna girelgäniň binagärlik babatda özboluşly ähmiýete eýe bolmalydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň gurluşynda we bezeg aýratynlyklarynda häzirki zaman önümçilik nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň baş girelgesinde bu ugra degişli ýazgynyň nyşanynyň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde - toý dabaralary geçirmäge niýetlenen döwrebap restoran, myhmanhana, işewürlik merkezi we dürli sport meýdançalary ýerleşdiriler.
Şeýle hem merkeziň çäklerinde guruljak desgalar türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly özboluşlylyk beýanyny tapar.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....