Hytaýyň DeepSeek çat-boty howpsuzlyk testlerinden geçip bilmedi

  • 08.02.2025 12:15
  • 2.5k+

Ýakynda arzanlygy we ýokary öndürijiligi bilen özüni tanadan Hytaýyň DeepSeek çat-boty howpsuzlyk babatda örän gowşak bolup çykdy. Cisco kompaniýasynyň gözlegçileri modeli testden geçirip, onuň goragy ýeňip geçmek synanyşyklaryna garşy durmaga ukyply däldigini anyklady.

Synagdan geçiriji topar HarmBench maglumatlar toplumyndan 50 sany tötänleýin buýrugyň esasynda jeýlbreýkiň (döwmek) kömegi bilen DeepSeek R1-i synap gördi. Buýruklar kiberjenaýatçylyk, ýalan maglumat, bikanun iş we umumy zyýan ýaly zyýanly hereketleriň alty kategoriýasyny öz içine aldy.

“Netijeler howsala döretdi: DeepSeek R1 hüjümleriň 100% üstünligini görkezdi, ýagny ol ýekeje-de zyýanly buýrugy petikläp bilmedi” – diýip, Cisco belledi. Beýleki öňdebaryjy modeller, mysal üçin, OpenAI-den o1 hüjümleriň köpüsini blokirledi.

Ylmy gözlegçiler meseleleriň sebäbini maliýeleşdirmegiň ýeterlik däldigi bilen baglanyşdyrýar. DeepSeek çat-botyny döretmek üçin bary-ýogy 6 mln dollar sarp edildi, emma OpenAI-iň GPT-5 EA modeli üçin hasaplaýyş çykdajylary 500 mln dollara ýetip bilýär.
Goragyň gowşakdygyna garamazdan, çat-bot Hytaý bilen baglanyşykly käbir syýasy temalarda çäklendirmeleri ýerine ýetirýär. Ýöne bu onuň giňden ýaýramagyna päsgel bermeýär: Similarweb-iň maglumatlaryna görä, sanlyja günde web-wersiýa girýän ulanyjylaryň sany günde 300 müňden 6 milliona ýetdi.


şu gün 11:17
2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
640

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 11:11
1.1k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
5.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......