Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Türkmenistanda açyljak desgalar barada aýtdy

  • 08.02.2025 00:59
  • 24k+

2025-nji ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2000 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda giňişleýin Hökümet mejlisinde çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, 2025-nji ýylda:

  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze döwrebap obalar,
  • Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçe,
  • Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi;
  • Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy;
  • «Aşgabat–Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegi;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we  elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiljekdigini aýtdy.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......