«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2025-nji ýyldaky ilkinji sany çykdy

  • 07.02.2025 19:00
  • 2.8k+

Žurnalyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky ilkinji, umumylykda bolsa 25-nji sany «Magtymgulynyň edebi mirasynyň çuňňur beýany» atly makala bilen açylýar. Edil şol sahypalarda ýerleşdirilen «Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!» atly makala bolsa üstümizdäki ýyla bagyşlanýar.

Žurnalyň täze sanynda rus dilinde paýlaşylan ilkinji makalada parahatçylygyň we ynanyşmagyň gadyry barada söhbet edilýär. «Ýyllaň gelşi taglymyndan bellidir...» atly makalada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleriniň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň we milli parlamentimiziň işgärleri bilen Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary we saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar barada gürrüň berilýär.
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň täze ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryna bagyşlanan çykyş «Ýaşajyk zehinler ― döwrümiziň Güneşi» diýlip atlandyrylypdyr. Indiki sahypada bolsa her ýyl gowşurylýan bu baýragyň eýelerine söz berilýär.
Neşiriň täze sanynda iňlis dilindäki ilkinji makala Arkadag şäherine bagyşlanypdyr. Indiki makalada bolsa ätiýaçlandyryş hyzmatyndaky sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada gürrüň berilýär. «Ýaşlara ekologik terbiýe bermekde Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýeti» atly makala neşiriň şu sanyndaky iň täsirli çykyşlaryň biri bolupdyr.
Ýaşulularyň we ýaşlaryň arasyndaky gadyr-hormata eýlenen gatnaşyk «Nesilleriň kämil mekdebi» atly makalada beýanyny tapýar. Şol sahypalarda ýerleşdirilen «Zenan sarpasy» atly makala hem ýaşlara terbiýeçilik taýdan iňňän ähmiýetlidir. Bu pikir «Maşgala gymmatlyklary ― barlygyň we baýlygyň ruhy çeşmesi» atly makalada hem ýöredilýär.
Neşiriň däbe öwrülen «Ýaşlar ― ylym dünýäsinde» atly makalalar toplumyndaky çykyşda ýaş alymlaryň alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem şol sahypalarda döwrebap bank ulgamynyň milli ykdysadyýetimizdäki ornuna bagyşlanan makala orun berlipdir.
«Adamzadyň paýhas ummany» atly makala bilen «Döwrümiziň şahyry» atly goşgy Magtymguly Pyraga we onuň beýik döredijiligine bagyşlanýar. Neşiriň täze sanyndaky «Kämillik ― üstünlige tarap ygtybarly ýol», «Gyşa galan gürrüňler» atly çykyşlar hem iňňän täsirli bolupdyr.
Neşirde halypa we döwürdeş şahyrlarymyzyň täze şygyrlary hem ýetirilýär. Ýaş nesli terbiýelemekde milli medeniýetiň ornuna (rus dilinde), dünýä giňişliginde ýaşlaryň wezipesine (iňlis dilinde) bagyşlanan makalalar okyjylary öz dünýäsine alyp gidýär.
Neşiriň täze sanynyň esasy aýratynlygy onda krosswordyň we aýlyk täleýnamanyň ýerleşdirilip başlanmagydyr. «Ýyllaryň ajaýyp ýollary» atly oýlanma bilen «Bu sözi sözlügiňizden aýryň!» atly makala hem iňňän täsirlidir. Ahyrky sahypalarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze yglan eden bäsleşikleriniň düzgünnamalary ýerleşdirilen.
Žurnalyň täze sanynyň ahyrky sahypalarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň senenamasy bilen hem tanşyp bilersiňiz.


18.05.2026 17:46
1.7k+

Türkmenistanyň küştçüleri Astanadaky ýaryşlarda dört medal gazandy

Türkmenistanyň küştçüleri 14-17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen türki döwletleriň halkara ýaryşlarynda dört sany medal gazanmagy başardy....

16.05.2026 11:13
8.6k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....