Bill Geýts: "Millarder bolanymdan soň hem özümi üstünlikli ýa ynamly duýup bilmedim"

  • 07.02.2025 18:38
  • 8.6k+

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Bill Geýts milliardlarça dollarynyň bardygyna we iň uly IT kompaniýalarynyň biriniň ýolbaşçysydygyna garamazdan, 42 ýaşyna çenli özüni üstünlikli we ynamly duýmandygyny aýtdy. Bu barada Forbes belleýär.

Öz memuarlarynda telekeçi ilkinji gezek 1998-nji ýylda, “biziň birnäçe ýalňyşlyk goýberip biljekdigimize we şonda-da aýak üstünde durup biljekdigimize” düşünenden soň, ilkinji gezek özüne bolan ynamy duýandygyny belleýär. Öň ol bir ýalňyşlyk kompaniýanyň synmagyna getirer gorkusy bilen ýaşaýardy.
Birdenem, ol korporasiýanyň şeýle bir uly we baý bolandygyna, hatda birnäçe şowsuzlygyň hem onuň ornuny sarsdyryp bilmejekdigine düşündi.

“Şol wagta çenli ölüm bilen aramyzda ýekeje ýalňyşlyk bar diýip pikir edýärdim. Meniň ýasawym şeýledi” – diýip, Geýts paýlaşýar.

Geýts üstünlige ýetenden soň günde 12 sagat işläp başlandygyny ýazýar. Ol bazaryň öňdebaryjylarynyň arasyndaky ornuny ýitirmekden gorkup, kompaniýada diňe bir operasion we dolandyryş işi bilen däl, eýsem kodlamak bilen meşgullanýar. Bu çemeleşme Microsoft-a 90-njy ýyllarda 250 mlrd dollardan gowrak kapitalizasiýa bilen dünýäniň iň gymmat jemgyýetçilik kompaniýasyna öwrülmäge mümkinçilik berýär. Şol wagt Geýtsiň baýlygy 58 mlrd dollar bilen bahalandyrylýardy we ol dünýäniň iň baý adamy hasaplanýardy.


şu gün 09:49
88

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

03.03.2026 13:28
713

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.6k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...