Ferrari girdejisiniň artandygyny we ilkinji elektrik ulagynyň tanyşdyrylyşyny bildiriş etdi

  • 07.02.2025 11:00
  • 4.7k+

Ferrari 2024-nji ýylda diýseň oňyn maliýe netijelerini görkezdi. Amal girdejisi 16,7% artyp, 1,9 milliard ýewro ýetdi. Kompaniýa muny brendiň awtoulaglaryna bolan islegiň we şahsylaşdyrmak islegleriniň artmagynyň netijesi diýip belledi.

Awtoulag öndürijisi Ferrari-niň arassa girdejisi 21 göterim ýokarlap, 1,53 milliard ýewro ýetdi.
Maranello kompaniýasy bu habary ilkinji elektrik awtoulagynyň birinji gezek çykjakdygy baradaky habar bilen utgaşdyrdy. Bu elektrik ulagy  9-njy oktýabrda çykar we brendiň şu ýyl görkezjek alty ulagynyň birine öwrüler. Ferrari model hatarynyň giňelmegi maliýe görkezijileriniň ösmegine mümkinçilik berer diýip umyt edýär.
Häzirlikçe geljege bolan çaklamalar optimistik görünýär. 2025-nji ýylda arassa girdejiniň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 5% ösmegine we 7 milliard ýewro ýetmegine garaşylýar. Ferrari superkarlaryna alyjylaryň gyzyklanmasy ýokary bolmagynda galýar. Geçen ýyl superkary 13,752 müşderi saýlady, bu 2023-nji ýyldakydan 0,7% ýokarydyr. Purosangue, Roma Spider we 296 GTS modelleri has köp islegli modellerdir.
Mundan başga-da, geçen ýylyň ikinji ýarymynda SF90 XX we 12Cilindri maşgalalaryndan bolan awtoulaglaryň satuwy başlandy. Portofino M, SF90 Stradale, 812 GTS, 812 Competizione we Roma ýaly modelleriň önümçiligi tamamlandy.
Gyzykly tarapy, öndürilen Ferrari superkarlarynyň 51% -i gibrid elektrik güýç gurluşlary, 49% -i adaty içinden otlanýan hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyryldy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......