Stallone kinokontenti seljerýän we döredýän EA platformasynyň maýadary boldy

  • 06.02.2025 12:43
  • 3.9k+

Amerikaly aktýor Silwestr Stallone kino pudagynda döredijilik konsepsiýalaryny seljermek we döretmek üçin emeli aňy ulanýan Largo.ai platformasynyň strategiki hyzmatdaşy we maýadary boldy. Rembonyň we Rokki Balboanyň rollaryny ýerine ýetiriji bu taslama 7,5 mln dollar maýa goýdy diýip, Deadline habar berýär.

Platforma filmleriň, mahabat wideolarynyň we seriallaryň konsepsiýalaryny döretmek üçin tehnologiýalary işläp taýýarlaýar.
Startap eýýäm 600-den gowrak prodakşen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, olaryň arasynda Golliwudyň kinostudiýalary hem bar. Aýratynam, taslama TI Capital, QBIT Capital, Atreides Management, DDA Capital kompaniýalary we Microsoft Activision Blizzard-yň öňki prezidenti Tomas Tippl tarapyndan maliýeleşdirildi.
Largo.ai diňe bir kontent seljermek bilen çäklenmän, döredijilik pikirlerini wizuallaşdyryp, taslama döretmek prosesini tizleşdirmegi maksat edinýär. Platforma emeli aňy ulanyp, mahabat kampaniýalaryny we ideýalaryny synamak mümkinçiligini-de hödürlär.

“Haçan-da biz 2020-nji ýylda Largo.ai bilen bu syýahata ugranymyzda, kino önümçiliginde EA-nyň roly diňe uly akym hyzmatlary bilen çäklenýärdi. Biziň maksadymyz oýnuň şertini pudagyň galan bölegi üçin deňlemekden ybaratdy. Soňky iki ýylda EA-nyň öňündäki gorky azaldy we onuň gyşyk kabul edilişi düýpgöter üýtgedi. Adamlar kömekçi gural hökmünde emeli aňdan peýdalanmagyň çäksiz mümkinçiligine göz ýetirdi. Gürrüň gowy kontenti has çalt, ýönekeý we az töwekgelçilikli usul bilen döretmek barada” – diýip, platformanyň baş müdiri Sami Arpa belledi.


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....