ChatGPT «çuňňur gözleg» geçirmäge ukyply hyzmatyny hödürleýär

  • 04.02.2025 23:24
  • 2k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT emeli aň boty üçin täze funksiýasyny hödürledi. Bu funksiýa ulanyjynyň beren soragyna esaslanyp, «çuňňur gözleg» geçirmäge mümkinçilik berýän «Deep research» (Çuňňur gözleg) atly guraldyr. Täze funksiýa entek köpçülige hödürlenmedik uly dil modeli bolan «OpenAI o3» esasynda işleýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Täze funksiýanyň düşündirişinde onuň awtonom ýagdaýda işleýändigi, «zerur maglumatlary tapmak üçin köp ädimli gözleg ugruny meýilleşdirýändigi we ýerine ýetirýändigi, zerur ýagdaýlarda yzyna gaýdyp, onlaýn görnüşde ýüze çykýan täze maglumatlara reaksiýa bildirýändigi» aýdylýar. Has takyk aýdylanda, «Deep research» funksiýasy diňe bir ulanyjynyň soragyna jogap tapmak bilen çäklenmän, dürli çeşmelerden maglumatlary seljerýär we umumylaşdyrýar. Netijede, berlen tema boýunça jikme-jik hasabat taýýarlaýar.
«Deep research» işläp durka, ekranyň sag tarapynda gözlegiň gysgaça beýany, şeýle hem sitatalar we beýleki maglumat çeşmeleri görkezilýär. Ulanyjylar täze funksiýany tekst görnüşinde sorag bermek arkaly işledip bilerler, şeýle hem surat ýa-da goşmaça faýllary (meselem, PDF formatyndaky resminamalary ýa-da elektron tablisalary) ýüklemek arkaly giňişleýin maglumat berip bilerler. Munuň netijesinde algoritm has giň kontekste eýe bolar we ýerine ýetirilen işiň netijeleri boýunça jikme-jik hasabat taýýarlamak üçin 5-30 minut aralygynda wagt sarp eder. Geljekde bolsa çat-bot öz jogaplaryna suratlary we diagrammalary hem goşup başlar.
OpenAI, «Deep research» funksiýasynyň käwagt «aňynyň çaşyp», hakykatda ýok maglumatlary döredip biljekdigini belleýär. Mundan başga-da algoritm, abraýly çeşmeleriň maglumatlaryny ýalan maglumatlardan we myş-myşlardan tapawutlandyrmakda kynçylyk çekýär. Şeýle-de bolsa, OpenAI täze guralyň uly mümkinçiliklere eýedigine ynanýar we «Deep research» funksiýasynyň analitikleriň derejesinde işleýändigini belleýär.
Täze funksiýanyň elýeterliligi barada aýdyp geçsek, abunalyga her aý 200 dollar töleýän ulanyjylar «Deep research» guralyna aýda 100 gezek sorag bermek mümkinçiligine eýe bolarlar. Aýda 20 dollar töleýän ulanyjylara bolsa «çäkli elýeterlilik» kepillendirilýär.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...