Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa iş saparyny amala aşyrdy

  • 04.02.2025 20:17
  • 4.6k+

31-nji ýanwardan 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Efiopiýanyň dolandyryjy partiýasy – «Rowaçlyk partiýasynyň» ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Addis Abebada geçirilen partiýanyň ikinji gurultaýyna gatnaşdy.
Gutlag sözi bilen çykyş eden Türkmenistan Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşyjylary partiýanyň alyp barýan syýasy işleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Efiopiýa tarapyny Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Efiopiýanyň «Rowaçlyk partiýasynyň» arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilklerine garamaga çagyrdy.
Gurultaýyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen «Rowaçlyk partiýasynyň» ýolbaşçylarynyň arasynda gysga wagtlaýyn duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda türkmen tarapy partiýanyň wekillerini çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Misganu Arga Moaç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermek barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda Döwlet ministrine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Efiopiýanyň Prezidentine ýollanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma resmi çakylyk gowşuryldy.
Saparyň dowamynda Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske-Selassiýe Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......