Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi "Dutaryň owazlary" festiwalynyň guramaçylary bilen duşuşdy

  • 04.02.2025 16:17
  • 4.9k+

Moskwada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň «Dutaryň owazlary» Moskwa halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda türkmen ýerine ýetirijileriniň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçilikleri hem-de medeni hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, 2025-nji ýylda geçiriljek IX festiwala taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler gözden geçirildi. Bu çäre Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna hem-de BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanar.
Çärelere türkmen ýerine ýetirijileriniň we Russiýada bilim alýan talyplaryň gatnaşmagy aýratyn üns merkezinde boldy. Festiwalyň çäklerinde konsertleriň, sergileriň, «Uruş çeperçilik aýnasynyň içinde» atly ylmy maslahatyň, şeýle-de okyjylaryň we kompozitorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bäsleşikleriň jemleri boýunça «Aýdym-sazly illýustratiw ýygyndy» neşir ediler.
Festiwalyň sungat ýolbaşçysy Mämmet Guseýnow emin agzalarynyň hatarynda ady belli rus we türkmen aýdym-saz ussatlarynyň bardygyny belledi. Olaryň gatnaşmagynda festiwal ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we dürli halklaryň ýerine ýetirijilerini birleşdirmäge mümkinçilik döredýär.
Guramaçylyk komiteti we ilçihana festiwala ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräniň medeni dialog üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdiler.


düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......