Ýewropa Bileleşigi «kabul ederliksiz töwekgelçilik» hasaplanýan emeli aňlary doly gadagan edip başlady

  • 04.02.2025 15:17
  • 2.8k+

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda «Emeli aň hakyndaky kanunyň» (Artificial Intelligence Act) ilkinji talaplary güýje girdi. Bu giň möçberli kadalaşdyryjy hukuk namasy emeli aňyň (EA) ulanylyşyny düzgünleşdirýär. Ýewropa Parlamenti tarapyndan 2024-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen bu kanun jemgyýet üçin «kabul ederliksiz töwekgelçilik» döredýän EA ulgamlaryny gadagan edýär. Bu barada TechCrunch neşiri habar berýär.

Kanun tehnologiýalary dört derejä bölýär – iň pes (meselem, spam süzgüçleri) derejesinden başlap, doly gadagan edilýän «kabul ederliksiz» derejesine çenli.
Bu gadaganlyk:

  • adamlara sosial häsiýetlerine görä baha berýän;
  • adamlaryň özüni alyp barşyna täsir edýän;
  • daşky keşbine görä jenaýatçylary çaklaýan;
  • işde ýa-da okuwda adamlaryň duýgularyny seljerýän we jemgyýetçilik ýerlerinde häzirki wagt režiminde biometriki maglumatlary ýygnamak üçin ulanylýan EA ulgamlaryna degişli bolar.

Bu düzgünleri bozan kompaniýalar 35 million ýewro ýa-da ýyllyk dolanyşygynyň 7%-ine çenli (haýsynyň möçberi köp bolsa) jerime tölemeli bolar. Emma «Slaughter and May» hukuk firmasynyň tehnologiýa bölüminiň ýolbaşçysy Rob Samroýyň bellemegine görä, bu jerimeler derrew güýje girmez.
Belläp geçsek, kanunyň güýje girmezinden ozal hem käbir kompaniýalar täze düzgünlere taýynlyk görüp başlapdylar. Meselem, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Amazon, Google we OpenAI ýaly 100-den gowrak kompaniýa, olary «Emeli aň hakyndaky kanunyň» düzgünlerini derrew ýerine ýetirmäge borçly edýän meýletin ylalaşyga gol çekdiler. Emma Meta we Apple ýaly kompaniýalar bu ylalaşyga goşulmakdan ýüz öwrüpdiler. Şeýle-de bolsa Samroýyň bellemegine görä, bu ýagdaý olary kanunyň talaplaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar.
Kanunyň ähli düzgünleriniň we şol sanda jerimeleriň 2025-nji ýylyň awgust aýynda doly güýje girmegine garaşylýar.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

30.05.2026 13:39
1.5k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....