“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna 3 million manat möçberinde pul baýragy berildi

  • 03.02.2025 08:32
  • 9.7k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 3 000 000 (üç million) manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny, atlary bezemek däplerini, milli atçylyk sportuny we at üstündäki oýunlary mundan beýläk-de ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň durmuşdaky, sungat älemindäki möhüm ähmiýetini giňden wasp etmek, ýaş nesilleriň arasynda bedew ata we atçylyk sportuna söýgini, gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda milli atçylyk sportuny yzygiderli esasda ösdürmäge, behişdi bedewlerimizi halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn tanatmaga goşýan uly goşantlaryny we bu ugurda gazanýan ajaýyp üstünliklerini nazara alyp kabul edildi.


şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.7k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......