Fewral aýynda geomagnit işjeňliginiň güýçlenmegine garaşylýar

  • 02.02.2025 11:30
  • 8.6k+

Fewral aýynda Ýerde geomagnit işjeňliginiň ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu Günüň magnit meýdanynda Günüň ýel akymynyň geçmegine mümkinçilik berýän koronal deşigiň emel gelmegi bilen baglydyr. Bu barada Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň awtomatlaşdyrylan astrofiziki toplumynyň ýolbaşçysy Alfiýa Nesterenko salgylanýan TASS habar berdi.

“Günüň magnitosferasynyň magnit meýdanynda koronal deşik emele geldi. Bu  plazmanyň dykyzlygynyň we temperaturasynyň pes ýeri. Şeýle ýerlerde Günüň ýeliniň akymy çaltlaşýar we Ýeriň magnitosferasyna ýetýän ionlaşan bölejikler magnitosfera has güýçli zarba urýar, bu bolsa geomagnit işjeňliginiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar "-diýip, ol düşündirdi.

Hünärmeniň sözlerine görä deşik Ýere göni proýeksiýada ýerleşýär, bu Gün ýeliniň täsirini ýokarlandyrýar.

“Häzirki wagtda Günüň üstünde ýedi sany Gün tegmiller topary emele geldi we bu işjeň ýerlerde elektromagnit işjeňliginiň ýokarlanmagyna, netijede planetamyzyň töweregindäki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga ukyply zarýadly bölejikleriň akymlarynyň çykmagyna sebäp bolar"-diýip, Nesterenko belledi.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....